Çalt we howpsuz
Töle!
Gündelik tölegleri çalt, aňsat we ygtybarly geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman sanly platforma.

Töle näme?
Bir programma. Ähli kartlaryňyz. Ähli tölegleriňiz.
Biometrik gorag, KYC barlagy we anti-fraud ulgamy ýaly öňdebaryjy howpsuzlyk aýratynlyklary bilen Töle her bir tölegiň ygtybarlylygyny üpjün edýär.
Töle — ýönekeýlik, howpsuzlyk we amatlylyk.

Bank kartlary
Ähli bank kartlary bir ýerde
Islendik bank kartyny goşuň
Ähli görnüşli bank kartlaryny hasabyňyza goşuň we bir ýerde saklaň.
Bir gezek goşuň, hemişe ulanyň
Her tölegde kart maglumatlaryny girizmegiň zerurlygy ýok. Fiziki kartany alyp ýöremek gerek däl.
Kartlaryňyzy dolandyryň
Maglumatlaryňyz ýokary derejeli howpsuzlyk bilen goralýar. Töleg taryhyňyzy aňsat yzarlaň.
Bank kartynyň şekili diňe illýustrasiýa maksady bilen görkezilýär. Ol hakyky bank karty däldir hem-de haýsydyr bir bank tarapyndan çykarylandygyny, tassyklanandygyny ýa-da hyzmatdaşlygy aňlatmaýar.

Ýönekeý we çalt töleg
Iki ädimde töleg ediň
Bank kartyny saýlaň
Hasabyňyzdaky kartlaryň islendigini saýlaň. Kart maglumatlaryny gaýtadan girizmek gerek däl.
Tölegi tassyklaň
Size gelen bir gezeklik tassyklaýyş kodyny giriziň — töleg tamamlanar.
Töleg tamamlandy
Töleg birnäçe sekundyň içinde geçýär we dessine töleg taryhyňyzda görkezilýär.
Biometrik howpsuzlyk
Parolyň ýerine ýüzüňiz ýa-da barmagyňyz
Parol döredeniňizden soň, her gezek programma gireniňizde enjamyňyzyň öz biometrik gorag ulgamyny ulanyp bilersiňiz.
Parol dörediň
Hasabyňyz diňe siziň bilýän parolyňyz bilen açylýar.
Touch ID goşuň
Barmak yzyňyz bilen bir degmede hasabyňyza giriň.
Face ID goşuň
Face ID bilen hasabyňyz has hem goragly.
KYC — Know Your Customer
Şahsyýetiňizi bir gezek tassyklaň
Programmalar, banklar we maliýe hyzmatlary tarapyndan ulanyjynyň hakyky adamdygyny tassyklamak üçin ulanylýan barlag prosesi. Bu hasabyňyzyň howpsuzlygyny üpjün edýär we galplygyň öňüni alýar.
Resminamaňyzy skanirläň
Pasportyňyzy ýa-da şahsyýetnamaňyzy kamera bilen skanirläň.
Selfi suratyňyzy ýükläň
Ýüzüňizi skanirläp, resminamadaky surat bilen deňeşdirilýär. Bu proses birnäçe sekunt alýar.
Hasabyňyz işjeňleşdirilýär
Barlag üstünlikli geçenden soň ähli töleg mümkinçilikleri açylýar. Bu kanuny talaplara laýyk gelmäge kömek edýär.
Ulanyjylar üçin amatlyklar
Howpsuz
Hasabyňyz parol ýa-da Face ID/Touch ID bilen goralýar, kart maglumatlary üçünji tarap bilen paýlaşylmaýar.
Çalt töleg
Bary ýogy 2 düwmede töleg ediň.
Bank kartlary hemişe ýanyňyzda
Islendik wagt, islendik ýerde fiziki kartyňyz ýanyňyzda bolmazdan töleg ediň.
Töleg taryhy
Ähli tölegleriňizi we çykdajylaryňyzy yzarlaň.
Töle bilen töläp başlaň
Kartyňyzy goşuň, şahsyýetiňizi tassyklaň we ilkinji tölegiňizi ediň.

Biznesiňiz barmy?Töle Business bilen tölegleri kabul ediň, statistikany yzarlaň we integrasiýany bir günde tamamlaň.
Biznes üçin TöleSorag-jogap
Töle näme?
Töle — bank kartlaryňyzy bir ýerde saklap, gündelik tölegleri iki ädimde geçirmäge mümkinçilik berýän sanly töleg programmasy.
Haýsy banklaryň kartlaryny goşup bilerin?
Türkmenistanda hereket edýän Altyn Asyr bank kartlaryny we beýlekileri hasabyňyza goşup bilersiňiz.
Tölegler howpsuzmy?
Hawa. Anti-fraud ulgamymyz her tölegi real wagtda seljerýär we şübheli hereketleri amal tamamlanmanka saklaýar. Kart maglumatlary şifrlenen görnüşde saklanýar, üçünji tarap bilen paýlaşylmaýar, her töleg bolsa bir gezeklik tassyklaýyş kody bilen tamamlanýar.
KYC näme üçin gerek?
KYC — şahsyýetiňizi bir gezek tassyklamak prosesi. Ol hasabyňyzy goraýar, galplygyň öňüni alýar we kanuny talaplara laýyk gelmäge kömek edýär.
Töle programmasyny nädip ýükläp bolýar?
Programmany App Store ýa-da Google Play-den mugt ýükläp bilersiňiz. Ýüklänsoň kartyňyzy goşuň, şahsyýetiňizi tassyklaň we töläp başlaň.